Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy. Süleýman Huramyň özüne beren şäherlerini täzeden gurdy. Ysraýyllar şol şäherlerde ornaşdylar. Süleýman Hamatsoba gidip, ony eýeledi. Süleýman çölde Tadmory, Hamatda ammar şäherlerini gurdy. Şeýle hem ol ýokarky we aşaky Beýthorony, berkidilen diwarly, derwezeli we kiltli galalary gurdy. Şeýle hem Süleýman Bagalaty, özüniň ammar galalaryny, söweş arabalarynyň we söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny, özüniň Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdy. Ysraýyl halkyndan bolmadyk hetler, amorlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar entek hem şol ýurtda ýaşaýardylar. Olar ysraýyllaryň bütinleý ýok etmedik halklarynyň nesilleridir. Süleýman olary gula öwürdi. Bu şu güne çenli hem şeýledir. Emma Süleýman ysraýyl halkyny gul etmedi. Olar Süleýmanyň esgerleri, harby baştutanlary, onuň söweş arabaly goşunynyň serkerdeleridiler. Olar Süleýman patyşanyň baş serkerdeleridi. Olaryň sany iki ýüz elli bolup, olar halka gözegçilik etdiler. Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyny Dawut galasyndan onuň üçin guran köşgüne getirdi. Süleýman: «Aýalym Ysraýylyň patyşasy Dawudyň köşgünde ýaşamasyn, çünki Rebbiň sandygynyň bolan ýerleri mukaddesdir» diýdi. Süleýman eýwanyň öňünde Rebbe guran gurbanlyk sypasynda Oňa ýakma gurbanlyklaryny hödürledi. Ol ýakma gurbanlyklaryny Musanyň tabşyrygy boýunça gündelik borja görä, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda, ýylda üç gezek bolýan Petir, Galla baýramy we Çatma baýramlarynda hödür etdi. Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy. Olar ähli işde, hazyna babatda-da patyşanyň ruhanylara we lewilere beren tabşyryklaryndan çykmadylar. Şeýdip, Rebbiň öýüniň düýbi tutulan gününden tä öýüň tamamlanan gününe çenli Süleýmanyň ähli işleri doly gurlup tamamlandy. Soňra Süleýman Esýongebere we Edomyň deňiz ýakasynda bolan Eýlata gitdi. Huram oňa öz nökerlerinden gämilere we deňze belet nökerler iberdi. Olar Opyra gidip, ol ýerden sekiz ýüz batman altyn alyp, Süleýman patyşa getirip berdiler. Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, Ziw aýynda Rebbiň öýüniň düýbi tutuldy. Süleýmanyň patyşalygynyň on birinji ýylynda, sekizinji aý bolan Bul aýynda Rebbiň öýi meýilnama görä dolulygyna gurlup gutaryldy. Süleýmana öýi gurmak üçin ýedi ýyl gerek boldy. Süleýman özüne-de köşk saldy. Ol köşgi on üç ýylda gurup gutardy.
Выбор основного перевода