Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Biz saňa Liwandan näçe agaç gerek bolsa kesip, olary bogup, Ýafo deňziniň üsti bilen akdyryp getireris; sen-de ony Iýerusalime äkidersiň». Şonuň üçinem olar daş ýonujylara, neçjarlara pul, sidonlylara we surlulara Liwandan deňiz üsti bilen Ýafo çenli kedr agaçlaryny getirmekleri üçin iýmit, içgi we zeýtun ýagyny berdiler. Olara bu zatlary etmäge Pars patyşasy Kureşden rugsat bardy. Ýahuda bilen Ysraýyl ýurdy seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine Minnit bugdaýyny, un, bal, ýag we melhem bererdiler. Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.
Выбор основного перевода