Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sur patyşasy Hiram Dawudyň ýanyna ilçiler bilen kedr agaçlaryny, agaç ussalarydyr köşk gurujy ussalary iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular. Şeýdip, Hiram Süleýmany kedr hem-de serwi agaçlary bilen üpjün etdi. Süleýmanyň binýatçylary bilen Hiramyň binýatçylary we geballylar Rebbiň öýüni gurmak üçin, daşlary ýonup, agaçlary kesip taýýarladylar. Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin.
Выбор основного перевода