Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyl halkyndan bolmadyk amorlar, hetler, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar entek hem şol ýurtda ýaşaýardylar. Olar ysraýyllaryň bütinleý ýok etmedik halklarynyň nesilleridir. Süleýman olary gula öwürdi. Bu şu güne çenli hem şeýledir. Emma Süleýman ysraýyl halkyny gul etmedi. Olar Süleýmanyň esgerleri, köşk emeldarlary, harby serkerdeleri, ýarag göterijileri, söweş arabaly goşunynyň serkerdeleridiler. Onsoň Süleýman kakasy Dawudyň hasaba alşy ýaly, Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleriň baryny hasaba aldy. Gelmişekleriň sany bir ýüz elli üç müň alty ýüz boldy. Süleýman olardan ýetmiş müň adamy ýük daşamaga, segsen müň adamy dagda daş ýonmaga, üç müň alty ýüz adamy-da işgärlere gözegçilige belledi.
Выбор основного перевода