Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin. Ine, men Hudaýym Rebbe öý gurup, ol öýi Oňa bagyş etmekçi bolýaryn. Ol öýde Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakylar, gündeki hödür çöregi hödürlener, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklary hödürlener. Bular Ysraýyl üçin ebedi parzdyr. Biziň Hudaýymyzyň beýleki ähli hudaýlardan beýik bolşy ýaly, meniň gurjak öýüm hem beýik bolar. Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ony hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär! Onsoň Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn. Ýahudada we Iýerusalimde öz ýanymdaky kakam Dawudyň taýýarlan ökde ussalary bilen işlär ýaly maňa altyn, kümüş, bürünç, demir işlerine, goýy badam, gyrmyzy we gök ýüplük boýaglaryna, şeýle hem oýma işlerine ussat hünärment ibermegiňi towakga edýärin. Maňa ýene Liwandan kedr, serwi we sandal agaçlaryny iber. Men seniň işçileriňiň Liwanda agaç kesmäge ussatdyklaryny bilýärin. Maňa bol agaç taýýarlamak üçin meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Meniň gurjak öýüm juda uly we gözel bolar. Maňa ýene Liwandan kedr, serwi we sandal agaçlaryny iber. Men seniň işçileriňiň Liwanda agaç kesmäge ussatdyklaryny bilýärin. Maňa bol agaç taýýarlamak üçin meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Meniň gurjak öýüm juda uly we gözel bolar. Ine, men seniň agaç kesýän işçileriňe kyrk müň çuwal üwelen bugdaý, kyrk müň çuwal arpa, ýedi müň hum şerap we ýedi müň hum zeýtun ýagyny bererin». Onsoň Sur patyşasy Huram Süleýmana hat üsti bilen jogap gaýtardy: «Reb Öz halkyny söýensoň, seni olaryň üstünden patyşa goýdy». Huram sözüni şeýle dowam etdi: «Gögi we ýeri ýaradan Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Reb Dawut patyşa pähim-paýhasdan we düşünjeden doly akylly ogul berdi. Şol ogul Rebbe öý we özüne köşk gurar. Men saňa Huramaby atly ökde we düşünjeli bir ussany ýollaýaryn. Onuň ejesi danlardan bolup, kakasy hem surludy. Huramaby altyn, kümüş, bürünç, demir, daş, agaç işlerine ökdedir. Ol badam, gök, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr matalary bilen hem işläp bilýär. Şeýle-de ol oýma işlerine we özüne berlen islendik nusga bilen işlemäge ökdedir. Ol seniň ussalaryň we jenabym – kakaň Dawudyň ussalary bilen işlär. Indi, goý, jenabym wada beren bugdaýyny, arpasyny, zeýtun ýagyny we şerabyny öz gullaryna ibersin. Biz saňa Liwandan näçe agaç gerek bolsa kesip, olary bogup, Ýafo deňziniň üsti bilen akdyryp getireris; sen-de ony Iýerusalime äkidersiň».
Выбор основного перевода