Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“ diýiň». Patyşa çaparlardan: «Öňüňizden çykyp, size bu sözleri diýen adamyň sypaty nähilidi?» diýip sorady. Olar patyşa: «Ol düýe ýüňünden tikilen donludy we biline-de gaýyş guşak guşalandy» diýip jogap berdiler. Patyşa: «Ol tişbeli Ylýasdyr» diýdi.
Выбор основного перевода