Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy. Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady. Ylýas pygamber: «Muny ýene bir gezek gaýtalaň» diýdi. Olar suwy ikinji gezek gaýtalap guýdular. Ol: «Muny üçünji gezek gaýtalaň» diýdi. Olar suwy üçünji gezek guýdular. Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny hödürledi. Ol Rebbi çagyrdy; Reb ýakma gurbanlyk sypasynyň üstünde gökden ot bilen Dawuda jogap berdi. Süleýman dileg edip bolan dessine gökden ot inip, ýakma gurbanlygy we beýleki gurbanlyklary ýalmap-ýuwutdy. Öý Rebbiň şöhratyndan doldy.
Выбор основного перевода