Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sizi Müsürden çykaryp getiren, gulçulykdan azat eden Hudaýyňyz Rebbe dönüklik edip sözländigi üçin we Hudaýyňyz Rebbiň buýran ýolundan çykandygy üçin, şol pygamberi ýa-da düýş ýorujyny ölüme höküm ediň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Emma başga hudaýlaryň adyndan sözleýän pygamber ýa-da Meniň buýurmadyk zadymy, hyýanatçylyk edip, Meniň adymdan sözleýän pygamber ölüme höküm ediler“ diýdi. Men bolsa harby serkerde Siserany, onuň söweş arabalaryny, agyr goşunyny Kişon derýasyna tarap getirip, seniň eliňe berjek“». Ondan soň Ýehu bilen Ýonadap gurbanlyklary we ýakma gurbanlyklary hödürlemek üçin içeri girdiler. Ýehu buthananyň daşynda segsen adamy goýup, olara: «Siziň eliňize berýän bu adamlarymdan ýekejesi gaçyp gutulaýsa, olar üçin öz kelläňiz bilen jogap berersiňiz» diýdi. Ýehu ýakma gurbanlygyny berip gutaran badyna, esgerlere we olaryň serkerdelerine ýüzlenip: «Buthana giriň-de, olaryň baryny gyryň, ýekejesini hem gaçyraýmaň» diýdi. Şeýdip, olar Bagalyň gullarynyň baryny gylyçdan geçirdiler. Esgerler we serkerdeler olaryň jesetlerini daşary çykaryp taşladylar. Soňra olar Bagalyň buthanasyna ybadat edilýän içki otaga girdiler.
Выбор основного перевода