Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi. Hudaý Ýakuba: «Seniň adyň häzir Ýakup, ýöne mundan beýläk seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şeýdip, Ol onuň adyna Ysraýyl dakdy. Olara Iordan derýasynyň ortasyndan, edil ruhanylaryň aýagynyň duran ýerinden on iki sany daşy getirmegi buýur. Olar şol daşlary siziň gije düşlejek düşelgäňize getirip goýsunlar» diýdi. Soňra Ýeşuwa her tireden saýlanan on iki adamy çagyrdy. Ýeşuwa olara şeýle diýdi: «Öz Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöräp, Iordan derýasynyň ortasyna tarap gidiň. Ysraýyl halkynyň tire sanyna görä, her biriňiz egniňize bir daşy göterip getiriň. Olar şu güne çenli hem özleriniň ozalky adatlaryna eýerip, Rebbe sežde etmeýärler. Rebbiň Ysraýyl diýip atlandyran Ýakubyň nesillerine beren tabşyryklaryny, kanunyny, hökümlerini we parzlaryny berjaý etmeýärler.
Выбор основного перевода