Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz enebaşga uýasy Tamara bolan yşk heserinden ýaňa gussa çekip, ol keselledi. Ol boý gyz bolansoň, oňa bir zat etmek Amnona kyn bolup görünýärdi. Ýöne Amnonyň Ýonadap diýen bir dosty bardy. Ýonadap Dawudyň dogany Şimganyň ogludy. Ol juda mekir adamdy. Ýonadap Amnona: «Eý, şazada, gün-günden halyň perişan bolup barýar-la! Belki, munuň sebäbini maňa aýdarsyň?!» diýdi. Amnon oňa: «Doganym Abşalomyň uýasy Tamara aşyk boldum» diýdi. Ýonadap oňa: «Kesellän bol-da, düşegiňe geçip ýat. Kakaň halyňy soramaga gelende, oňa: „Uýam Tamar gelip, meni naharlasyn. Ol öz ýanymda nahar taýýarlasyn. Onuň öz ýanymda nahar taýýarlanyny göräýeýin hem-de nahary onuň öz elinden iýäýeýin“ diýip aýt» diýdi. Şunlukda, Amnon kesellän kişi bolup, düşegine geçip ýatdy. Patyşa halyny soramaga gelende, ol: «Uýam Tamar gelip, ýanymda tagamly kökeler bişirip bersedi, men onuň öz elinden iýsedim» diýdi. Dawut: «Dogany Amnonyň öýüne barsyn-da, oňa nahar taýýarlasyn» diýip, Tamaryň yzyndan adam iberdi. Tamar doganynyň öýüne bardy. Amnon düşekde ýatyrdy. Tamar hamyr ýugrup, ony ýaýdy, doganynyň ýanynda tagamly kökeler bişirdi. Kökeleri tabaga saldy-da, getirip, onuň öňünde goýdy, ýöne ol iýmedi. Amnon: «Ýanymdakylaryň ählisi çyksyn» diýdi. Hemmeler onuň ýanyndan çykdylar. Şonda Amnon Tamara: «Kökeleri ýatjak jaýyma elt, men ony öz eliňden iýjek» diýdi. Tamar bişiren tagamly kökelerini dogany Amnonyň ýatjak jaýyna alyp bardy. Tamar kökeleri onuň ýanyna alyp gelende, Amnon oňa ýapyşyp: «Uýam, gel, bile ýataly-la!» diýdi. Tamar oňa şeýle diýdi: «Ýok, dogan, namysyma degme! Ysraýylda munuň ýaly zat görlen däldir. Beýle nejis iş etme! Beýle masgaraçylykdan soň men nirä giderin?! Senem Ysraýylyň binamyslarynyň biri bolup galarsyň. Gowusy, git-de, patyşa bilen gepleş. Ol meni senden gaýgyrmaz». Ýöne Amnon oňa gulak asmagam islemän, ondan güýçli bolansoň, ony zorlady. Şondan soň onda Tamara bolan güýçli ýigrenç döredi. Bu ýigrenç onuň öňki yşk heserinden-de has güýçlüdi. Amnon oňa: «Çyk!» diýdi. Emma Tamar: «Ýok, dogan, kowmak bilen maňa edýän bu ýamanlygyň öňki eden ýamanlygyňdan hem uludyr» diýdi. Emma Amnon oňa gulak asmady. Ol hyzmatkär ýigidini çagyryp: «Şu aýaly öýden çykar-da, gapyny ýap» diýdi. Hyzmatkär ony öýden çykaryp, gapyny ýapdy. (Tamaryň egninde ýeňli uzyn köýnegi bardy. Ir döwürlerde şalaryň ýetişen gyzlary şeýle geýner ekenler.) Tamar başyndan kül sowrup, egnindäki köýneginiň ýakasyny ýyrtdy. Elleri bilen başyny tutup, ýolboýy möňňürip aglap gitdi. Dogany Abşalom oňa: «Saňa doganyň Amnon el urdumy? Häzirlikçe sesiňi çykarma, uýam, ol seniň doganyň. Munuň üçin özüňi horlama» diýdi. Şeýdip, Tamar dogany Abşalomyň öýünde ýalňyz ýaşaberdi. Bolan işi eşidende, Dawut patyşanyň juda gahary geldi. Uýasynyň namysyna degendigi üçin, Abşalom Amnony ýigrenýärdi. Ýöne ol Amnona ýagşydan-ýamandan hiç zat diýenokdy.
Выбор основного перевода