Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Asanyň patyşalygynyň otuz altynjy ýylynda Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi. Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalaryndan kümüşdir altyn alyp, olary Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi. Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen gidip, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn». Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelmaýymy, Naftalynyň ähli ammar galalaryny basyp aldy. Bagşa muny eşidende, Rama galasyny berkitmekden el çekip, işini togtatdy. Soňra Asa patyşa ýahuda halkynyň baryny toplady. Olar Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitdiler. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Geba we Mispa galalaryny berkitdi. Eger bu halk Rebbiň öýünde gurbanlyk bermek üçin Iýerusalime gitmegini dowam etdirse, onda olaryň ýüregi öz jenaby, Ýahuda patyşasy Rehabgama tarap öwrüler. Olar meni öldürip, Rehabgamyň ýanyna öwrülip bararlar». Gibgon, Rama, Beýerot,
Выбор основного перевода