Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Jenaby Soba patyşasy Hadadgezerden gaçyp giden Elýadanyň ogly Rezony hem Hudaý Süleýmana duşman etdi. Dawut sobalylary öldürende, Rezon ýanyna adam ýygnap, bir leşgere baş boldy. Olar Damaska baryp, şol ýerde mesgen tutdular, onuň adamlary Rezony Damaskda patyşa etdiler. Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi. Ol kakasynyň hem-de özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny kümşi, altyny we gap-gaçlary Rebbiň öýüne getirdi. Ýahuda patyşasy Ýowaş atalary bolan Ýahuda patyşalary Ýehoşapadyň, Ýehoramyň, Ahazýanyň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, özüniň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altynyň baryny alyp, Siriýa patyşasy Hazaýyla iberdi. Şondan soň Hazaýyl Iýerusalimden el çekdi.
Выбор основного перевода