Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut adamlaryna aýaly getirmegi buýurdy. Aýal Dawudyň ýanyna geldi. Dawut aýbaşydan ýaňy arassalanan Batşeba bilen ýatdy. Soňra aýal öýüne gaýtdy. Dawut hatynda şeýle ýazdy: «Uryýany söweşiň iň gazaply gidýän ýerinde goý-da, onuň ýanyndan aýryl. Goý, ol ýaralanyp ölsün». Ýowap galany gabaw astynda saklap, gowy synlansoň, gaýduwsyz adamlaryň bar ýerini bilýärdi. Ol Uryýany şol ýerde goýdy. Galanyň adamlary çykyp, Ýowap bilen söweşmäge başladylar. Dawudyň nökerlerinden birnäçesi öldi. Öldürilenleriň arasynda het halkyndan bolan Uryýa-da bardy. Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly sap ýüreklilik, dogrulyk bilen Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, Meniň hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, Ysraýylyň üstünden patyşalygyňy berkarar ederin. Patyşalygy Dawudyň neslinden alyp, saňa berdim. Emma sen Meniň tabşyryklarymy berjaý edip, Meniň nazarymda dogry işleri edip, bütin kalby bilen Maňa wepaly bolan gulum Dawut ýaly bolmadyň.
Выбор основного перевода