Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn. Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip-saýlan patyşamyň huzurynda gezer. Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men seni ähli duşmanlaryňdan gorap saklajak. Men-Reb seniň üçin bir öý bina etjekdigimi jar edýärin. „Sebäbi, eý, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb, Seniň nesliňi baky berkarar ederin“ diýip, guluňa Özüň aýan etdiň. Şoňa görä-de, guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi.
Выбор основного перевода