Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň, Men bütin patyşalygy seniň eliňden alman, gulum Dawudyň hem-de Öz saýlan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin, diňe bir tiräni seniň ogluňa bererin». Ýarobgamyň gaýdyp gelendigini eşiden bütin ysraýyl halky onuň ýanyna adam ýollap, ony ýygnanyşyga çagyryp, tutuş Ysraýyla patyşa etdiler. Ýahuda tiresinden başga Dawudyň nesilleriniň yzyna düşen bolmady. Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Süleýmanyň ogly Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama urşujylar toplady. Süleýmanyň ogly Rehabgam Ýahudada patyşalyk etdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady; ol Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlan şäheri Iýerusalimde on ýedi ýyl patyşalyk etdi. Ejesi ammonly bolup, onuň ady Nagamady. Çünki Reb Siony seçip-saýlady, ony Özüne mesgen etmek isledi:
Выбор основного перевода