Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma ysraýyllar ýahudalara: «Dawut patyşada paýymyz siziňkiden köpdür, on paýymyz bar. Şonda-da näme üçin bizi äsgermezlik etdiňiz? Patyşany yzyna getirmekde ilkinji söz biziňki bolmaly dälmi näme?» diýip jogap berdiler. Emma ýahudalaryň sözi ysraýyllaryňkydan gazaply bolup çykdy. Şonuň üçin hem Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin. Emma seniň kakaň Dawudyň hatyrasy üçin Men muny seniň günleriňde etmerin; patyşalygy seniň ogluňyň elinden alaryn. Men bütin patyşalygy seniň eliňden alman, gulum Dawudyň hem-de Öz saýlan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin, diňe bir tiräni seniň ogluňa bererin». Soňra Reb edomly Hadady Süleýmana duşman etdi. Ol Edomda patyşa neslindendi. Çünki Dawut Edomdaka, goşunbaşy Ýowap öldürilenleri jaýlamaga gidip, Edomdaky erkekleriň ählisini gyrypdy. Ýowap we bütin ysraýyllar Edomdaky erkekleriň ählisini gyrýançalar, alty aýlap şol ýerde galypdylar. Çünki Dawut Edomdaka, goşunbaşy Ýowap öldürilenleri jaýlamaga gidip, Edomdaky erkekleriň ählisini gyrypdy. Ýowap we bütin ysraýyllar Edomdaky erkekleriň ählisini gyrýançalar, alty aýlap şol ýerde galypdylar. Emma Hadat kakasynyň emeldarlary bolan birnäçe edomlylar bilen gaçyp, Müsüre gidipdi; Hadat ol wagtlar ýaş oglandy. Olar Midýandan çykyp, Parana geldiler, Parandan hem ýanlaryna birnäçe adam alyp, Müsüre, Müsür patyşasy faraonyň ýanyna bardylar. Patyşa Hadada ýaşamaga jaý we mellek ýer berip, ony azyk bilen üpjün etdi. Hadat faraonyň mährini gazandy; ol öz aýalynyň gyz doganyny, ýagny melike Tahpeneýsiň gyz doganyny Hadada aýallyga berdi. Ol Hadada ogul dogrup berip, onuň adyna Genubat dakdylar. Tahpeneýs Genubaty faraonyň öýünde terbiýeledi. Genubat onuň ogullarynyň arasynda ösüp ulaldy. Hadat Müsürdekä, Dawudyň ata-babalaryna gowşandygy hem-de Ýowap goşunbaşynyň ölümi barada eşidende, ol faraona şeýle diýdi: «Maňa öz ýurduma dolanmaga rugsat ber». Faraon ondan: «Ýurduňa gitmekçi bolar ýaly, meniň ýanymda näme kemiň bar?» diýip sorady. Ol: «Kem zadym ýok, ýöne maňa hökman gitmäge rugsat ber» diýip jogap berdi. Jenaby Soba patyşasy Hadadgezerden gaçyp giden Elýadanyň ogly Rezony hem Hudaý Süleýmana duşman etdi.
Выбор основного перевода