Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Seruýanyň ogly Abyşaý oňa kömege ýetişdi we piliştli bilen urşup, ony öldürdi. Şondan soň Dawudyň adamlary: «Indi sen biziň bilen bile söweşe çykma, goý, Ysraýylyň çyrasy sönmesin» diýip, oňa kasam etdiler. Men bütin patyşalygy seniň eliňden alman, gulum Dawudyň hem-de Öz saýlan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin, diňe bir tiräni seniň ogluňa bererin». Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Süleýmanyň ogly Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama urşujylar toplady. Muňa garamazdan, onuň Hudaýy Reb Iýerusalimi kuwwatlandyrmak üçin, Abyýam ölenden soň ornuna patyşa bolar ýaly, oňa bir ogul berdi. Hudaý Reb muny Dawudyň hatyrasy üçin etdi. Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.
Выбор основного перевода