Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 patyşalar
Параллельные места
Ýehoýadanyň ogly Benaýa – keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa ruhanydylar. Reb Dawudyň ýanyna Natan pygamberi iberdi. Ol Dawudyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýdi: «Galalaryň birinde birisi baý, beýlekisi garyp bolan iki sany adam ýaşapdyr. Şewa – kätip, Sadok bilen Abýatar – ruhanylar boldy. Dawudyň batyr ýigitleriniň atlary, ine, şulardyr: tahkemonly Ýoşe Başebet. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde sekiz ýüz adamy öldürdi. Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. Söweşmek üçin toplanyşan piliştlilere gyjalat berlende, ol Dawudyň ýanyndady. Ysraýyllar yza çekildiler, emma Elgazar ýerinden gozganmady; ol surnugýança, hatda eli gylyja ýelmeşýänçä söweşip, piliştlileri gyrdy. Reb şol gün beýik ýeňiş berdi. Halk onuň yzyna diňe olja ýygnamak üçin düşdi. Üçünjisi hararly Ageniň ogly Şammadyr. Piliştliler Lehide ýygnanyşypdylar. Ol ýerde mäşden doly bir ýer bardy. Goşun piliştlilerden gaçdy. Ýöne Şamma meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri gorady we piliştlileri gyrdy. Reb uly ýeňiş berdi. Orak döwründe otuz serdaryň üçüsi Dawudyň ýanyna, Adullam gowagyna gitdi. Piliştlileriň goşuny Rapa jülgesinde düşläpdi. Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady. Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi. Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdi. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi. Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Reb! Janlaryny howp astyna salyp giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?!» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi. Seruýanyň ogly Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamyň garşysyna uruşdy we olary öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol otuz serdaryň iň meşhurydy we baştutandy, ýöne üç serdaryň derejesine ýetip bilmändi. Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi, şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi. Ol soňra äpet bir müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde naýzasy bardy. Benaýa onuň garşysyna taýakly çykdy. Ol müsürliniň elinden naýzasyny alyp, ony öz naýzasy bilen öldürdi. Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. Ol otuz serdaryň arasynda iň meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy. Otuzlaryň arasynda ýene-de, ine, şular bardy: Ýowabyň dogany Asahel, beýtullahamly Dodonyň ogly Elhanan, harotly Şamma we Elika, paltyly Heles, tekowaly Ikeşiň ogly Yra, anatotly Abygezer, huşaly Mebunnaý, ahowa urugyndan Salmon, netopaly Mahraý, netopaly Bagananyň ogly Helep, benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý, pirgatonly Benaýa, Gagaş jülgelerinden Hidaý, arbaly Abygalbon, bahurymly Azmawet, şagalbynly Elýahba, Ýaşeniň ogullary: Ýonatan, hararly Şamma, hararly Şararyň ogly Ahyýam, magakaly Ahasbaýyň ogly Elipelet, giloly Ahytopeliň ogly Eligam, karmelli Hesro, arawly Pagary, sobaly Natanyň ogly Ýygal, gat tiresinden Bany, ammon halkyndan Selek, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýaragyny göterýän nökeri beýerotly Nahraý, ýytra urugyndan Yra we Garep, het halkyndan Uryýa. Bular jemi otuz ýedi adamdan ybaratdyr. Benýamin ülkesinde Elanyň ogly Şimgi,
Выбор основного перевода