Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 patyşalar
Параллельные места
Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn. Biz edil Musa boýun egşimiz ýaly, saňa hem boýun egeris. Ýöne Hudaýyň Reb elmydama Musa bilen bolşy ýaly, seniň bilen hem bile bolsun. Emma ol ýamanlyk etmegi ýüregine düwäýse, menem ony saňa ýetirmesem, seni sag-salamat ýola salmasam, onda, goý, Reb maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin. Reb kakama ýar bolşy ýaly, saňa-da ýar bolsun. Patyşanyň emeldarlary jenabymyz Dawut patyşany mübärekläp: „Goý, Hudaýyň Süleýmanyň adyny seniň adyňdan-da meşhur etsin, onuň şalygyny seniň şalygyňdan-da has gülletsin“ diýdiler. Patyşa hem düşeginiň üstünden Hudaýa sežde etdi. Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi. Reb tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Süleýmany belende göterdi we heniz Ysraýylda hiç bir patyşanyň eýe bolmadyk şalyk belentligini oňa berdi.
Выбор основного перевода