Sen dessine Dawut patyşanyň ýanyna git-de, ondan: „Eý, jenabym, sen menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar diýip, maňa ant içmediňmi näme? Onda näme üçin häzir Adonyýa patyşalyk edýär?“ diýip soragyn.
Batşeba oňa: «Eý, meniň jenabym: „Menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip, maňa Hudaýyň Rebden ant içipdiň.