Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 patyşalar
Параллельные места
Dawut Abyşaýa: «Indi Bikri ogly Şeba bize Abşalomdanam köp zyýan berer. Öz jenabyňyň gullaryny al-da, onuň yzyndan kow, ýogsam, ol özüne berk galalar tapar-da, bizden sypar» diýdi. Ýowabyň adamlary, keretler, peletler we ähli batyr ýigitler Iýerusalimden çykyp, Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmak üçin Abyşaýyň yzyna düşdüler. Haman patyşa: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna, patyşanyň geýen şa lybaslary, patyşanyň münen, dabaraly şaý-sepler bilen bezelen aty getirilip, şa lybaslary we aty patyşanyň iň atly-abraýly beglerinden biriniň eline berilsin; goý, ol patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyny geýindirsin, goý, ol ony ata mündürip, şäheriň açyk meýdançasynda jar çekip: „Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna şeýle edilýär“ diýip aýlasyn» diýdi.
Выбор основного перевода