Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Soňra ol Ýyşaýdan: «Ogullaryň hemmesi şularmy?» diýip sorady. Ýyşaý: «Ýene körpesi-de bar, ol goýun bakyp ýör» diýip jogap berdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Ony getirt, çünki ol bu ýere özi gelýänçä, biz dyz epmeris» diýdi. Ýyşaý ony getirtdi. Ol gyzylmeňizdi, görmegeýdi, gözleri owadandy. Reb: «Bu şol, tur, onuň başyna ýag guýup saýla» diýdi. Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi. Ýöne ebedilik patyşa bolmagym üçin, Ysraýyl Hudaýy Reb kakamyň maşgalasynyň arasyndan meni saýlady. Ol Ýahudany baştutan saýlady, Ýahudanyň neslinden kakamyň maşgalasyny saýlady. Bütin Ysraýyla patyşa etmekde kakamyň ogullarynyň arasyndan men Onuň göwnünden turdum. Şeýdip, Rehabgam patyşa kuwwatlanyp, Iýerusalimde şalyk sürdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady. Ol Rebbiň Özüne ybadat etmegi üçin Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan saýlan şäheri bolan Iýerusalimde on ýedi ýyl şalyk sürdi. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady. saýlap aldy Ýahuda tiresini – Özüniň söýen Sion dagyny.
Выбор основного перевода