Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Ynsandan doglan dogry bolup bilermi? Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär, gökler-de Onuň nazarynda tämiz däl. Etmişi suw kimin içýän, ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin. «Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler? Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok. Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir. Günämiz ýok diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur. Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär. Günä etmedik diýsek, Hudaýy ýalançy edýändiris, kalbymyzda Onuň sözleri ýokdur.
Выбор основного перевода