Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Äht sandygy saklananda bolsa ol şeýle diýerdi: «Eý, Reb, müňlerçe ysraýyl kowumlaryna sary öwrül!» Dawut patyşa turdy-da, olara şeýle diýdi: «Doganlarym, halkym, maňa gulak asyň! Men Hudaýymyzyň aýak kürsüsi bolan Rebbiň Äht sandygyny goýmak üçin öý gurmak niýetim bardy; onuň üçin taýýarlygam gördüm. Galk, ýa Reb, gir Sen dynçlyk mekanyňa Öz güýjüňiň nyşany Äht sandygy bilen. Ruhanylaryň dogrulyk lybasyna beslensin, sadyklaryň, goý, şatlanyp, nagmalar aýtsyn. Guluň Dawudyň hatyrasyna, Öz seçip-saýlanyňdan Sen ýüz öwürme. Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.
Выбор основного перевода