Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz». Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar». Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär. Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin». Reb şeýle diýýär: «Ynsana bil baglan, ynsanyň güýjüne daýanan, ýüregi Rebden daşlaşan adama nälet bolsun! Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly!
Выбор основного перевода