Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi. Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg etdi: «Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady. Işaýa pygamber entek ortaky howludan çykmanka, oňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň. Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn. Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi Özümiň we gulum Dawudyň hatyrasy üçin goraryn“». Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýanyň hyzmatkärlerine: «Ýenjilen injir getiriň-de, ony patyşanyň çybanynyň üstüne ýapyň. Şondan soň ol sagalar» diýdi. Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Rebbiň meni sagaltjakdygyna we üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorady. Işaýa Hizkiýadan: «Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur: şu wagt basgançakdaky kölege on basgançak öňe gitsinmi ýa-da on basgançak yza gaýtsynmy?» diýip sorady. Hizkiýa: «Kölegäniň on basgançak öňe uzamagy adaty zatdyr. Şonuň üçin-de, goý, kölege yza süýşsün» diýip jogap berdi. Işaýa pygamber Rebbi çagyrdy. Reb hem Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on basgançak yza süýşürdi. Şol döwürlerde Hizkiýa keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi. Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg edip: «Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady. Şondan soň Işaýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Git-de, Hizkiýa şeýle diý: „Ataň Dawudyň Hudaýy Reb: ‘Seniň dilegiňi eşitdim, gözýaşlaryňy gördüm. Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn. Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi goraryn’ diýýär diý“». Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur: «Ine, Men Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on ädim yza süýşürerin». Şeýdip, Gün düşmeli ýerinden on ädim yza çekildi.
Выбор основного перевода