Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy. Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady. siz ol pygamberleriň ýa-da düýş ýorujylaryň gepine gulak asmaň. Çünki Hudaýyňyz Reb, hakykatdan hem, Özüni tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýýändigiňizi ýa-da söýmeýändigiňizi bilmek üçin sizi synap görýär. Işaýa pygamber Rebbi çagyrdy. Reb hem Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on basgançak yza süýşürdi. Şol wagt Baladanyň ogly Babyl patyşasy Merodakbaladan Hizkiýa patyşanyň syrkawlandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady. Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol Rebbe dileg etdi. Reb Hizkiýanyň dilegine jogap berip, oňa bir alamat berdi. Şol döwürde Babyl patyşasy Baladanyň ogly Merodakbaladan Hizkiýa patyşanyň keselländigini we sagalandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady.
Выбор основного перевода