Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Şonuň üçin hem Hudaýy Reb Ahazy Siriýa patyşasynyň eline berdi. Siriýa patyşasy Ahazdan üstün çykyp, onuň köp sanly adamlaryny ýesir alyp, olary Damaska getirdi. Ol Ysraýyl patyşasynyň hem eline berildi. Ysraýyl patyşasy Ahaza agyr zarba urdy. Remalýanyň ogly Peka Ýahudada bir ýüz ýigrimi müň edermen esgeri bir günde öldürdi, çünki olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edipdiler. Efraýymyň batyr ýigidi Zikri patyşanyň ogly Magaseýany, patyşa köşgüniň emeldary Azrykamy we patyşadan soň ikinji adam bolan Elkanany öldürdi. Ysraýyllar öz doganlaryndan iki ýüz müň erkegi, aýallary, ogullardyr gyzlary ýesir aldylar, ysraýyllar şeýle hem olardan köp olja alyp, oljalary Samariýa getirdiler. Edomlylar ýene-de çozup, Ýahudadan üstün çykypdy, olary ýesir edip äkidipdiler.
Выбор основного перевода