Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Dawut ruhanylar Sadok bilen Abýatary, lewilerden Uryýeli, Asaýany, Ýoweli, Eliýeli, Şemagýany hem-de Eminadaby çagyryp, olara şeýle diýdi: «Siz lewileriň urugbaşylarysyňyz. Iniňizi tämizläň, garyndaşlaryňyz hem şeýle etsinler. Soňra Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerime getiriň. Olar doganlaryny toplap, inlerini tämizläp, Rebbiň sözüne görä patyşanyň tabşyryşy ýaly, Rebbiň öýüni tämizlemek üçin ol ýere girdiler. Emma ruhanylar azdyklary üçin ýakma gurbanlyklarynyň hemmesiniň derisini soýup bilmediler. Iş gutaryp, galan ruhanylar inlerini tämizleýänçäler, doganlary lewiler ruhanylara ýardam etdiler, lewiler inlerini tämizlemekde ruhanylara garanda has sap ýüreklidiler. Pesah janlysyny soýuň; iniňizi tämizläp, Rebbiň Musanyň üsti bilen beren sözüni amal eder ýaly, doganlaryňyz üçin taýýarlyk görüň». Ruhanylardyr lewiler inlerini tämizlediler; olaryň hemmesi tämizdi. Şonuň üçin lewiler ähli sürgünden gaýdyp gelenler üçin, öz ruhany doganlary we özleri üçin Pesah janlysyny soýdular. Ruhanylar we lewiler özlerini tämizlänlerinden soň, halky, derwezeleri we diwary-da tämizlediler.
Выбор основного перевода