Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. Soňra gurbanlyk malynyň eýesi ony soýup böleklesin. Hizkiýa olara: «Eý, lewiler, maňa gulak asyň! Iniňizi tämizläň we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öýüni mukaddes ediň! Bu mukaddes ýerden haram zatlary çykaryp zyňyň. Çünki ruhanylaryň özlerini ýeterlik möçberde inlerini tämizlemändigi we halkyň Iýerusalime ýygnanmandygy sebäpli Pesahy bellenen wagtda edip bilmediler. Şeýdip, çaparlar patyşanyň we onuň baştutanlarynyň hatlary bilen tutuş Ysraýyla we Ýahuda aýlanyp, patyşanyň tabşyrygy boýunça şeýle diýdiler: «Eý, ysraýyllar! Ybraýymyň, Yshagyň we Ysraýylyň Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň! Reb Aşur patyşasynyň elinden gutulyp, aman galanlara tarap öwrüler! Halkyň arasynda inini tämizlemedik köp adam bardy. Şonuň üçinem lewiler tämiz bolmadyk her adam üçin Pesah janlysyny soýup, gurbanlygy Rebbe bagyş etdiler. Olar Pesah janlysyny soýdular, ruhanylar-da özlerine berlen gany serpdiler; lewiler bolsa janlylaryň derilerini soýdular.
Выбор основного перевода