Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Onsoň Ahaz patyşa arabalaryň gapdallaryny kesip, olaryň üstündäki legeni aýyrdy. Ol howzy aşagyndaky bürünç öküzleriň üstünden aýryp, ony bir daş sekiniň üstünde goýdy. Patyşalygynyň birinji ýylynyň birinji aýynda, Hizkiýa Rebbiň öýüniň gapylaryny açyp, ony bejerdi. Olar eýwanyň gapylaryny hem gulplap, çyralary öçürdiler. Mukaddes ýerde Ysraýylyň Hudaýyna ýakymly ysly tütetgi ýakmadylar, ýakma gurbanlyk bermediler. Olar işe girişip, Iýerusalimdäki gurbanlyk sypalary we ähli ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary aýryp, Kidron deresine taşladylar. Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýykan seždegählerini täzeden dikeltdi. Ol Bagal buty üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi. Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi. Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.
Выбор основного перевода