Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ahaz Aşur patyşasy Tiglatpileseriň ýanyna çaparlar ýollap: «Men seniň guluň hem-de ogluňdyryn. Gel-de, maňa garşy hüjüm edýän Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasynyň elinden meni gutar» diýdi. Ahaz Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalarynda bar bolan altyndyr kümşi alyp, sowgat hökmünde Aşur patyşasyna iberdi. Aşur patyşasy Ahazyň sözüne gulak asdy. Aşur patyşasy Damaska garşy hüjüm edip, ony basyp aldy-da, ilatynyň baryny Kire ýesir edip äkitdi we Resini öldürdi. Şoňa görä Ysraýyl Hudaýy Aşuryň patyşasy Pulyň ruhuny oýardy. Bu patyşanyň beýleki ady Tiglatpileserdi. Ol rubenleri, gatlary, gündogardaky manaşa tiresini ýesir edip, olary Hala, Habora, Hara hem-de Gozan derýasyna getirdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.
Выбор основного перевода