Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Guluňyzy azatlyga goýbereniňizde, siz ony eli boş goýbermeli dälsiňiz. Negep çölüni we Ýeriho jülgesinden Sogara çenli ýerleriň ählisini görkezdi. Ýeriho Palma galasy diýlip hem atlandyrylýardy. Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Ýok, bulary gyrma! Sen gyrjak bolýan adamlaryňy öz gylyjyň, öz ýaýyň bilen basyp aldyňmy näme? Olaryň öňlerinde iýip-içerleri ýaly çörek we suw goý. Şondan soň olar öz hökümdarlarynyň ýanyna gitsinler». Eger duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa suw ber. Şonda onuň başyna köz goýarsyň, Reb seni sylaglar. Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň. Şol ýoldan geçip barýan bir samariýaly bolsa, bu adamy görüp, oňa ýüregi awaýar. Onuň ýanyna baryp, zeýtun ýagy bilen şerap guýup, ýaralaryny saraýar. Onsoň ol adamy öz eşegine mündürip, bir myhmanhana getirip, oňa garaşyk edýär.
Выбор основного перевода