Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýahuda patyşasy Ahazýa muny görüp, Beýthagana tarap gaçdy. Ýehu onuň yzyndan kowup: «Ahazýany-da atyň» diýdi. Olar Iblegam galasynyň golaýyndaky Gur ýapgydynda Ahazýany arabasynyň üstünde atyp ýaraladylar. Onsoň Ahazýa Megido gaçyp baryp, şol ýerde öldi. Ahazýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini arabada Iýerusalime getirip, ony şol ýerde Dawut galasynda öz guburynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar. Reb Ýehoşapat bilendi, sebäbi ol kakasynyň owalky ýollaryndan ýöredi. Ýehoşapat Bagaly agtarman, kakasynyň Hudaýyny agtardy, Onuň tabşyryklaryna gulak goýdy, Ysraýylyň ýoluna eýermedi.
Выбор основного перевода