Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Şeýdip, Ýehu turup, ýaş pygamber bilen bile içeri girdi. Ýaş pygamber hem onuň depesinden ýag guýup, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seni Öz halkym bolan Ysraýyla patyşalyga belleýärin. Sen jenabyň Ahabyň maşgalasyny gyrarsyň. Meniň gullarym bolan pygamberleriň we hemme gullarymyň gany üçin Izebelden öç alaryn. Ýoram: «Söweş arabasyny taýýarlaň» diýdi. Olar onuň söweş arabasyny taýýarladylar. Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa hersi öz söweş arabasynda ýola düşdüler. Olar Ýehuwyň öňünden çykmaga gitdiler. Olar ýizregelli Nabodyň melleginde Ýehuwa sataşdylar. Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Hudaý tarapyndan şeýle tamamlanypdy.
Выбор основного перевода