Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýehoram ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ornuna ogly Ahazýa patyşa boldy. Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň on ikinji ýylynda Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa patyşa boldy. Ahazýa patyşa bolanda ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy. Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ol hem Ahabyň maşgalasy ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi, çünki Ahazýa olaryň giýewsidi. Ahazýa Ahabyň ogly Ýoram bilen Siriýanyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Siriýalylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar. Ysraýyl patyşasy Ýehoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýoramyň ogly Ahazýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi. Reb piliştlileriň we efiopiýalylaryň golaýyndaky araplaryň Ýehorama garşy gazabyny oýardy. Olar Ýahudanyň üstüne çozup girip, patyşanyň köşgüne degişli bolan ähli mal-mülkleri, patyşanyň ogullarydyr aýallaryny alyp gitdiler. Patyşanyň körpe ogly Ýehogahazdan başga ogly galmady.
Выбор основного перевода