Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Asa ähli ýahudalary we benýaminleri, olaryň arasynda keseki hökmünde ýaşap ýören efraýymlary, günbatardaky manaşalary we şimgonlary toplady. Beýik Hudaýyň Asa bilendigini görüp, köp ysraýyllar Asanyň tarapyna geçipdiler. Olar Asanyň patyşalygynyň on bäşinji ýylynyň üçünji aýynda Iýerusalime ýygnanyşdylar. Şol gün olar getiren oljalaryndan ýedi ýüz öküzi we ýedi müň goýny Rebbe gurbanlyk hökmünde berdiler. Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi bütin kalplary, bütin jan-teni bilen agtarmagy äht etdiler. Ýaş bolsun, garry bolsun, erkek bolsun, aýal bolsun, parhy ýok, Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmadyk her kes öldürilmelidi. Olar batly ses bilen gygyryşyp, şahdan edilen surnaýlar we kernaýlar çalyp, Rebden ant içdiler. Bütin ýahuda halky bu kasam üçin begendiler. Olar çyn ýürekden ant içip, Rebbi uly yhlas bilen agtardylar. Reb hem olara Özüni görkezdi. Reb olara her tarapdan asudalyk berdi.
Выбор основного перевода