Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ol Ýahuda asudalykdaka galalary gurdy. Şol ýyllarda ol hiç kim bilen uruş etmedi, sebäbi Reb oňa parahatçylyk beripdi. Asa ýahuda halkyna: «Geliň, bu galalary gurup, olaryň daşyna diwarlar, diňler, derwezeler we kiltler edeliň. Ýurt entek hem biziňkidir, çünki biz Hudaýymyz Rebbe tabyn bolduk. Biz Oňa tabyn bolduk, Ol bize her tarapdan asudalyk berdi». Şeýdip, olaryň gurluşyk işleri rowaçlandy. Bütin ýahuda halky bu kasam üçin begendiler. Olar çyn ýürekden ant içip, Rebbi uly yhlas bilen agtardylar. Reb hem olara Özüni görkezdi. Reb olara her tarapdan asudalyk berdi.
Выбор основного перевода