Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Bagşa garşy Hananynyň ogly Ýehuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy: Hananynyň ogly Ýehu pygambere Bagşa we onuň nesillerine garşy Rebbiň şu sözi aýan boldy. Çünki Bagşa Ýarobgamyň nesilleri ýaly hereket etdi we Ýarobgamyň nesillerini öldürdi. Şeýdip, ol Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, öz pis işleri bilen Onuň gaharyny getiripdi. Ýehoşapadyň galan işleri, görkezen gaýduwsyzlygy we eden söweşleri barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapadyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir.
Выбор основного перевода