Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Akmaklyk etdiň, öz Hudaýyň Rebbiň emrini tutmadyň. Reb seniň Ysraýylyň üstünden edýän şalygyňy ömürlik ebedileşdirjekdi. Şonuň üçin hem siz Onuň parzlaryna boýun bolup, Onuň tabşyryklaryny şu günki ýaly berjaý edip, Beýik Hudaýymyza ak ýürekden hyzmat ediň». Asa bilen ysraýyl patyşasy Bagşa bütin ömürlerine uruş etdiler. Ahap Samariýada Bagal üçin guran buthanasynda Bagal üçin gurbanlyk sypasyny gurdy. Reb göklerden nazar aýlaýar, Ol adamzadyň baryny görýär. Tagtynda oturan ýerinden ýeriň ähli ilatyna nazar aýlaýar: Rebbiň gözi hemme ýerdedir, ýamana-ýagşa bakýandyr. «Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir». Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.
Выбор основного перевода