Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Ysraýylyň Rebbe biwepalyk edendigi zerarly, Müsür patyşasy Şişak bir müň iki ýüz söweş arabasy we altmyş müň söweş arabaly esgerleri bilen Iýerusalimiň üstüne çozdy. Şişak bilen Müsürden gelenler: liwiýalylar, sukkiler we efiopiýalylar san-sajaksyzdy. Asanyň ýahuda tiresinden uly galkanlardyr naýzalar bilen ýaraglanan üç ýüz müň adamdan, benýamin tiresinden galkan göterip, ýaý atýan iki ýüz segsen müň adamdan ybarat goşuny bardy. Olaryň bary batyr ýigitlerdi. Efiopiýaly Zera müňlerçe esgeri we üç ýüz söweş arabasy bilen Asa garşy çykyp, Mareşa çenli geldi. Asa Zeranyň öňünden çykdy. Olar Mareşadaky Sepata deresinde söweş üçin nyzama düzüldiler. Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk». Şeýdip, Reb efiopiýalylary Asanyň we ýahuda halkynyň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Olar gaçdylar. Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar.
Выбор основного перевода