Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ol öz hyzmatyndaky lukmanlara kakasynyň jesedini mumyýalamagy buýurdy. Lukmanlar Ysraýylyň jesedini mumyýaladylar. Iki ýyllap onuň keseli günsaýyn ýaramazlaşyp, ikinji ýylyň ahyrynda içegeleri daşyna çykyp, ol agyr jebir--sütemden ýaňa dünýäden ötdi. Onuň halky ata-babalaryna edişleri ýaly, onuň hatyrasyna ot ýakmadylar. Sen sag-salamatlykda ölersiň. Senden öň patyşa bolan ata-babalaryň üçin hoşboý ysly tütetgiler ýakyşlary ýaly, seniň üçin-de muny ýakarlar we saňa: ‘Waý, aga!’ diýip aglaşarlar. Çünki muny Men – Reb aýdýandyryn’“». Sabat güni tamamlanansoň, giç öýlän magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy gidip, Isanyň jesedine çalmak üçin ýakymly ysly zatlar satyn aldylar. Ozal gijäniň içinde Isanyň ýanyna baran Nikodim hem Ýusup bilen biledi. Nikodim jemi agramy iki put bolan garyşyk mür bilen aloe alyp geldi. Ol ikisi Isanyň jesedini getirip, ýahudylaryň jaýlama adaty boýunça Ony ýakymly ysly ýag sepilen kepene doladylar.
Выбор основного перевода