Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ysraýylyň ähli tirelerinden Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwenler atalarynyň Hudaýyna gurbanlyk bermek üçin lewileriň yzyndan Iýerusalime geldiler. Şol gün olar getiren oljalaryndan ýedi ýüz öküzi we ýedi müň goýny Rebbe gurbanlyk hökmünde berdiler. Asa bilen onuň goşuny efiopiýalylary Gerara çenli kowdular. Efiopiýalylaryň bary gyrlyp, ýekejesi hem diri galmady. Olar Rebbiň we Onuň goşunynyň öňünde ýeňlişe sezewar boldular. Ýahuda halky gaty köp olja alyp gaýtdy. Olar Geraryň töweregindäki ähli galalara zarba urdular, çünki ýerli halka Rebbiň gorkusy aralaşypdy. Urşujylar ähli galalara talaň saldylar, sebäbi şol galalarda olja köpdi. Olar çarwalaryň çadyrlaryna hem hüjüm edip, ummasyz goýundyr geçiler we düýeler alyp, Iýerusalime gaýdyp geldiler.
Выбор основного перевода