Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Kimde-kim ýeke-täk Rebden başga hudaýa gurbanlyk berse, bütinleý ýok edilsin. Sizi Müsürden çykaryp getiren, gulçulykdan azat eden Hudaýyňyz Rebbe dönüklik edip sözländigi üçin we Hudaýyňyz Rebbiň buýran ýolundan çykandygy üçin, şol pygamberi ýa-da düýş ýorujyny ölüme höküm ediň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Eger kimde-kim, hatda öz erkek doganyňyz, ejeňiziň ogly ýa-da öz ogul-gyzyňyz, söýgüli aýalyňyz, iň ýakyn dostuňyz: „Geliň, gidip, başga hudaýlara gulluk edeliň“ diýip, ne özüňiziň, ne-de ata-babalaryňyzyň tanaýan hudaýlaryna, ýeriň bu ujundan ol ujuna çenli bolan, daş-töweregiňizdäki size ýakyn ýa-da uzakda ýerleşýän halklaryň hudaýlaryna gizlinlikde sizi aldap yrmakçy bolsalar, Eger kimde-kim, hatda öz erkek doganyňyz, ejeňiziň ogly ýa-da öz ogul-gyzyňyz, söýgüli aýalyňyz, iň ýakyn dostuňyz: „Geliň, gidip, başga hudaýlara gulluk edeliň“ diýip, ne özüňiziň, ne-de ata-babalaryňyzyň tanaýan hudaýlaryna, ýeriň bu ujundan ol ujuna çenli bolan, daş-töweregiňizdäki size ýakyn ýa-da uzakda ýerleşýän halklaryň hudaýlaryna gizlinlikde sizi aldap yrmakçy bolsalar, siz beýle adamlar bilen razylaşmaň, olara gulak asmaň. Olara geçirimlilik etmäň ýa-da rehimiňiz inip, olary goramaň. Gaýtam, olary hökman öldüriň. Olary ilki öz eliňiz bilen daşlaň, soňra bütin halk jezalandyrsyn. galanyň ýaşaýjylaryny gylyçdan geçiriň. Ondaky ähli zatlary bütinleý ýok ediň, hatda mal-garalaryny-da gyryň. Hudaýyňyz Rebbiň berjek galalarynda araňyzdan Onuň nazarynda pis iş edýän erkek ýa-da aýal tapylyp, ol başga hudaýlara gulluk edip, Rebbiň gadagan eden zatlary bolan Güne, Aýa ýa-da her hili asman jisimlerine sežde edip, Rebbiň ähtini bozmagy mümkin. Hudaýyňyz Rebbiň berjek galalarynda araňyzdan Onuň nazarynda pis iş edýän erkek ýa-da aýal tapylyp, ol başga hudaýlara gulluk edip, Rebbiň gadagan eden zatlary bolan Güne, Aýa ýa-da her hili asman jisimlerine sežde edip, Rebbiň ähtini bozmagy mümkin. Bu hakda size habar berilse, siz ony derňäp, gowy sorag-ideg ediň. Eger günäkärlenme dogry tapylyp, şeýle nejis iş Ysraýylda edilen bolsa, onda siz günä eden erkegi ýa-da aýaly derwezäniň daşyna getirip, erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, ony daşlap öldüriň.
Выбор основного перевода