Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden mahrum etdi, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, Kidron deresinde ýakdy. Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe Rebbe wepaly boldy. Ol kakasynyň hem-de özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny kümşi, altyny we gap-gaçlary Rebbiň öýüne getirdi. Siz olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny çapyň. Asa öz Hudaýy Rebbiň nazarynda oňat we dogry işleri etdi. Asa keseki gurbanlyk sypalaryny we seždegähleri aýryp, dikme daşlaryny ýykdy, Aşera butlaryny kesdi. Ol ýahuda halkyna atalarynyň Hudaýy Rebbi agtaryp, Onuň kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi buýurdy. Şeýle hem, Asa Ýahudanyň ähli galalaryndaky seždegähleri we ýakymly ysly tütetgi berilýän sypalaryny aýyrdy. Onuň şalyk süren döwründe ýurt asudalykda ýaşady. Ol Ýahuda asudalykdaka galalary gurdy. Şol ýyllarda ol hiç kim bilen uruş etmedi, sebäbi Reb oňa parahatçylyk beripdi. Ýehoşapadyň ýurdy asudalykda boldy, çünki Hudaý olara hemme tarapdan asudalyk beripdi.
Выбор основного перевода