Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Rehabgam Iýerusalimde mesgen tutup, Ýahudany goramak üçin galalar gurdy. Ol Beýtullahamy, Eýtamy, Tekowany, Beýtsury, Sokony, Adullamy, Gaty, Mareşany, Zipi, Adoraýymy, Lakyşy, Azekany, Sorgany, Aýalony we Hebrony gurdy. Rehabgam ýahudalaryň we benýaminleriň galalary berkitdi. Rehabgam galalary berkidip, olara serkerdeler belledi. Galalaryň hersini azyk, ýag we şerap bilen üpjün etdi. Ol şeýle hem, ähli galalarda uly galkanlary we naýzalary goýup, olary has berkitdi. Ýahuda bilen benýamin Rehabgamyňkydy.
Выбор основного перевода