Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Süleýmanyň ogly Rehabgam Ýahudada patyşalyk etdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady; ol Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlan şäheri Iýerusalimde on ýedi ýyl patyşalyk etdi. Ejesi ammonly bolup, onuň ady Nagamady. Ýöne indi adym şol ýerde bolsun diýip, Iýerusalimi saýladym we ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Gözleriň gije-gündiz Özüňe ybadat etmekleri üçin saýlan şu öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit.
Выбор основного перевода