Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Hudaýyň şu sözi aýan boldy: Rehabgamyň galan işleri we ähli eden işleri barada Ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy. Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda başlan uruş Abyýamyň ömrüniň ahyryna çenli dowam etdi. Süleýmanyň galan ähli işleri – owalky we soňky eden işleri Natan pygamberiň taryh kitabynda, şiloly Ahyýanyň pygamberliginde we Ydo görgüriň Nebadyň ogly Ýarobgam baradaky görnüşlerinde ýazylandyr. Abyýanyň galan işleri, onuň hereketleri we sözleri Ydo pygamberiň ýazgylarynda ýazylandyr.
Выбор основного перевода