Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn. Meniň üçin öýi ol gurar. Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin. Men oňa Ata, ol bolsa Maňa ogul bolar. Günä gazanaýsa welin, ony atanyň ogluny taýak bilen jezalandyryşy ýaly, Men hem ony jezalandyraryn. Ýöne Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin. Seniň nesliň hem şalygyň Meniň huzurymda baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“». Sen birwagtlar aýanlykda Öz sadyklaryňa şeýle diýipdiň: «Men edermene kömek berdim, Men halkyň içinden ony saýladym. Öz sadyk söýgimi onuň üçin baky saklaryn, onuň bilen eden ähtime sadyk galaryn. Sensiň şalara ýeňişler berýän, bendäň Dawudy zalym gylyçdan azat eýleýän.
Выбор основного перевода