Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Her gür ýaprakly agajyň ýanyndaky we beýik baýyrdaky gurbanlyk sypalary, Aşera butlary olaryň çagalarynyň ýadyndadyr. Seniň baýlygyňy we tutuş hazynalaryňy ýurduňda eden günäleriňiň tölegi hökmünde olja edip paýlaryn. Saňa beren mülkümi öz günäň bilen ýitirdiň. Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, çünki siz Meniň gazabymy tutaşdyrdyňyz, ol ebedilik lowlar». Reb şeýle diýýär: «Ynsana bil baglan, ynsanyň güýjüne daýanan, ýüregi Rebden daşlaşan adama nälet bolsun! Ol çöldäki bir çaly ýalydyr, ýagşylyk gelende ony görmez. Gurak çölde, ilatsyz şorlukda ýaşar. Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly! Ol suwuň ýakasynda oturdylan agaç kimindir, çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar. Yssydan gorkýan däldir, ýapragy hemişe ýaşyldyr. Ýyl gurak gelende hem gaýga batmaz, miwe bermekden asla galmaz». Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler? «Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn». Haram baýlyk toplan öz guzlamadyk ýumurtgalarynyň üstünde oturan käkilik kimindir. Ömri ýarpy bolanda, ol baýlyk elden gider, ömrüniň ahyrynda bolsa ol akmak bolup çykar. Mukaddes öýümiz owal-başdan belende göterilen şöhratly tagt kimindir. Ýa Reb! Eý, Ysraýylyň Umydy! Seni terk edenleriň bary utanja galar. «Menden ýüz öwrenler toz-‑topraga siňip giderler, çünki olar Men Rebbi – diri suwlar çeşmesini, terk etdiler». Ýa Reb, maňa şypa ber, sagalaýyn. Meni halas et, halas bolaýyn, çünki öwgim diňe Sensiň. Ine, olar maňa: «Rebbiň sözi nirede? Hany, ol amala aşsyn-da!» diýýärler. Men hyzmatyňda çopan bolmakdan gaçmadym. Betbagtlyk gününiň gelmegini-de islemedim. Agzymdan çykýan her bir sözi Özüň bilýänsiň, ýa Reb, ol söz huzuryňda aýandyr. Meni howp astyna salma, betbagtlyk güni penakärim Sensiň. Goý, meni yzarlaýanlar utanja galsyn, emma meni utanja goýma. Goý, olar gorka düşsün, emma meni gorka salma. Başlaryndan betbagtlyk gününi inderip, goşa gyrgynçylyk bilen ýok et olary. Reb maňa şeýle diýdi: «Ýahuda patyşalarynyň girip-çykýan Halk derwezesi bilen Iýerusalimiň ähli derwezelerine git-de, ol ýerde dur. Onsoň halka şeýle diý: „Eý, Ýahuda patyşalary, tutuş Ýahuda we bu derwezelerden girýän ähli Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň!“». Reb şeýle diýýär: «Öz janyňyzyň hatyrasyna Sabat güni ýük götermäň, Iýerusalimiň derwezelerinden içeri ýük salmaň. Sabat güni öýüňizden ýük çykarmaň, hiç bir iş etmäň. Meniň ata-babalaryňyza buýruşym ýaly, Sabat gününi mukaddes hasaplaň. Emma olar Meni diňlemediler, gulak asmadylar. Boýnuýogynlyk edip, Meni diňlemediler, terbiýämi almadylar». Reb ýene şuny aýdýandyr: «Eger siz Maňa gulak asyp, Sabat güni bu şäheriň derwezelerinden ýük salmasaňyz, hiç bir iş etmän, Sabat gününi mukaddes hasaplasaňyz, onda Dawut tagtynda oturjak patyşalar öz emeldarlary bilen söweş arabalaryna, atlara münüp, ýahuda halky we Iýerusalimiň ilaty bilen birlikde bu şäheriň derwezelerinden girerler. Bu şäher ebedi ilatly bolar. Ýahuda şäherlerinden, Iýerusalimiň etraplaryndan, benýamin topragyndan, günbatar baýyrlykdan, daglykdan we Negepden adamlar gelerler. Olar Rebbiň öýüne ýakma gurbanlyklary bilen beýleki gurbanlyklary, galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgi bilen şükür sadakasyny getirerler. Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez». Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr. Reb halkyň güýjüdir, seçip-saýlanynyň halas berkitmesi Oldur. Maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma; bol Sen meni penalaýan bir gaýa, halas bolmagym üçin bir mäkäm gala. Elmydama meni gizläp biläýjek, mesgen tutunjak mäkäm gaýam bol. Halas bolmagymy Sen emr etdiň, çünki gaýam, berkitmäm Sensiň. Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm, meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym». Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.
Выбор основного перевода